- nokat
- 1) Tegelejik tegmilt.∙ Orazgülüň käbir ýeri gastyn atan bugdaýreňk ýüzüniň sag tarapynda garaja nokat ýaly meňi bardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)2) Grammatik termin Gutaran pikiri tapawutlandyrmak üçin we käbir gysgaldylan sözler ýazylanda ulanylýan dyngy belgi.∙ Habar sözleminiň ilki sözüniň soňunda hemişe nokat goýlup, ondan soň başlanan sözlemiň ilki sözüniň birinji harpy baş harp bilen ýazylar.3) Fizika Suwuklygyň bir haldan başga bir hala geçiş derejesi.∙ Gaýnama nokady.∙ Ereme nokady.∙ Doňma nokady.4) Ýer, punkt.∙ Söwda nokady.∙ Ok atylýan nokat.5) Daşdan çala görünýän zat, gara.∙ Alysdan göründi bir gara nokat. Bilmedim men onda niçik hereket. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)6) Bir zadyň gutaran ýeri, ýokary derejesi.∙ Onuň gürrüňi ahyry nokadyna ýetdi.Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, t sesi d sesine öwrülýär.Meselem nokat - nokady.◊ iki nokat — Aşakly-ýokarly goýlup ulanylýan goşa nokat, dyngy belgisi (:).
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.